Çžeszýan uniwersitetiniň (Hytaý) alymlary tarapyndan işlenip düzülen, elektrik ulaglaryna niýetlenen batareýanyň täze görnüşi gowulandyrylan elektrolit arkaly ekstremal howa şertlerinde güýjüni ýitirmezden hereket edip biler. Bu barada Nature žurnalynda geçirilen gözleglere salgylanýan TechSpot ýazýar. Professor Sýulin Fan toparynyň täze önüminiň aýratynlygy täze eredijiniň - ftorasetonitriliň (FAN) ulanylmagydyr. Ol ýokary ion geçirijiligini, zarýad bermegi we zarýadsyzlandyrmagy çaltlaşdyrýar hem-de litiý ionlaryny erediji molekulalardan aýyrmak üçin zerur bolan energiýany azaldýan pes solwatasiýa energiýasy bilen üpjün edýär. Bu geçirijiligi hasam gowulandyrýar. Ereýiş temperatura nokadynyň pes bolmagy batareýany pes temperaturalarda-da netijeli işletmäge mümkinçilik berýär we öndürijiligiň peselmeginiň öňüni alýar. Şeýle batareýalary bolan elektrik ulaglary, howa şertlerine garamazdan, has uzak aralyga ýöreýär. Bu alyjylar üçin elektrik ulaglarynyň özüne çekijiligini ep-esli ýokarlandyryp, ekologiýa taýdan arassa ulaglara geçmegi çaltlaşdyryp biler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir