Realme kompaniýasy köne modelleriniňkä meňzeş dizaýny bolan Realme 12+ arzan smartfonuny tanyşdyrdy. Realme 12+ smartfony Full HD+ durulykly we 120 Gs täzelenme tizligi bolan 6,7 dýuýmlyk AMOLED displeý bilen üpjün edilendir. Smartfonyň arka paneli Realme 12 Pro we Pro+ modellerinde bolşy ýaly, eko-deriden ýasaldy. Esasy kamera 50 megapikselli Sony LYT-600 sensoryna eýe bolup, ultra giň burçly kamera we degişlilikde, 8 we 2 megapikselli makro modul bilen üsti ýetirilýär. Frontal kameranyň mümkinçiligi 16 megapiksel. Täze önümiň öndürijiligi 8 GB operatiw we 256 GB goşmaça ýat, şeýle hem MediaTek Dimensity 7050 çipi bilen üpjün edilýär. GSMArena maglumatlar bazasynda habar berilmegine görä, enjamda ýat kartalary üçin goldaw ýok. 5000 mA/s sygymly akkumulýator 67W çalt zarýad bermegi goldaýar. Realme 12+ öňünden gurnalan Realme UI 5.0 gabykly Android 14 bilen işleýär. Beýleki aýratynlyklaryň hatarynda NFC we ulanyjynyň impulsyny ölçemäge ukyply ekranyň aşagyndaky barmak yzy skaneri bellenilýär. Smartfon häzirki wagtda dünýäniň birnäçe ýurdunda elýeterlidir. Mysal üçin, Indoneziýada Realme 12+ smartfonunyň bahasy 4,2 million indoneziýa rupiýasyna (267 dollar) deňdir.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir