Aziýaly piller aradan çykan çagalaryny jaýlanlarynda hoşlaşyk däplerini berjaý edýärler diýip, Journal of Threatened Taxa (JTT) ylmy neşirinde aýdylýar. Günbatar Bengaliýanyň tokaýlary dolandyryş bölüminiň hem-de Hindistanyň Ylmy bilim we gözleg institutynyň alymlary pilleriň jaýlaýyş çäresini guraýandyklaryny, şonda uly pilleriň çaga piliň maslygyny göwresinden we el-aýaklaryndan tutup getirýändiklerini anykladylar. Şondan soň jaýlamak üçin suwaryş akabalaryny ulanyp, maslygy arkan ýatyryp, aýaklaryny ýokary edip gömýärler. Gözlegçiler: "Şeýle däp-dessurlaryň diňe çagalar babatynda berjaý edilýändigini gördük, sebäbi uly piller daşamak üçin gaty agyr" – diýip gürrüň berdiler. Jaýlanlaryndan soň süri holtumy bilen birsalym surnaý çalýar we gaty gygyrýar, soň bolsa başga ugur bilen gabryň ýanyny terk edýär. Aziýaly pilleriniň erkinlikde ýaşaýanlarynyň ömri ortaça 60-70 ýaş. Bu haýwanlara ýitip gitmek howpunyň abanýandygyny bellemelidiris. Hasaplamalara görä, olaryň ýabany tebigatda 26 000 sanysy galypdyr, olaram, esasan, Hindistanda we Günorta-Gündogar Aziýada ýaşaýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir