Arheologlar Polşanyň günorta-gündogaryndaky Korženisa obasynyň golaýyndaky tokaýda ýaşy 4000 ýyl töweregi bolan mis hanjary tapdylar. Alymlaryň sözlerine görä, seýrek ýarag gaty ýokary derejeli saýlama söweşijä degişlidir. "Nauka w Polsce" ylmy žurnalyň materiallarynda şeýle hanjaryň Polşada 1960-njy ýyllarda diňe bir gezek tapylandygy aýdylýar. Hanjar gözleg meýdanyndaky ýeke-täk artefakt bolup, onuň arheologiki medeniýetini kesgitlemegi kynlaşdyrýar. Arheolog Marsin Burghard tapylan ýarag söweş ýaragy däl-de, ähtimal, dabara ýaragy bolan bolmaly diýip belledi. Onuň mis tyglary juda ýumşak, şonuň üçinem ony hakyky söweşde ulanyp bolmaýar. Megerem, hanjar eýesiniň ýokary derejesiniň nyşany bolup hyzmat eden bolsa gerek. Alymlar hanjaryň gelip çykyşyny we nädip ýasalandygyny kesgitlemäge mümkinçilik berjek metallurgiýa derňewini geçirmegi meýilleşdirýärler. Ähtimal, sebitiň daşynda ýasalan bolsa gerek.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir