Teslanyň esaslandyryjysy Ilon Mask 2025-nji ýylda dünýäde elektrik togunyň ýetmezçiliginiň ýüze çykyp biljekdigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu emeli aňyň (AI) we elektrik ulaglarynyň çalt ösmegi bilen baglanyşykly bolar. Telekeçiniň Bosch Connected World konferensiýasynda eden bu çykyşy barada New Atlas ýazdy. “Men şeýle çalt ösýän tehnologiýany birinji gezek görýän. Çip ýetmezçiligi meselesi, megerem, indi yzda galan bolsa gerek, emma emeli aň bilen elektrik ulaglary şeýle bir ýyldyrym çaltlygynda ösýär welin, dünýä geljek ýyl elektrik we transformator üpjünçiliginiň bökdençliklerine duçar bolar "- diýip, Mask belledi. Şol bir wagtyň özünde köp energiýa sarp edýän elektrik ulaglarynyň meşhurlygy hem artyp barýar. Maskyň pikiriçe, köp energiýa sarp edýän bu iki pudagyň bir wagtyň özünde ösmegi elektrik enjamlaryna we elektrik energiýasyna uly isleg döredýär, muňa bolsa dünýä heniz taýyn däl bolsa gerek. Mask: "Indiki ýetmezçilik elektrik energiýasy bolar. Ähli çipleri işletmek üçin ýeterlik elektrik energiýasyny tapyp bilmezler" - diýdi. Şeýle-de bolsa, ol adamzadyň iň uly tehnologiki öwrülişigiň bosagasynda durandygyny sözüniň üstüne goşdy. "Iň gyzykly döwürde ýaşaýarys. Dogrusyny aýtsam, bu meni birneme ruhdan düşürjek boldy. Men: "Eger olar bizden üstün çykaýsalar näme? Hakykatdanam, alaçsyz bolup galaýarmykak?" Ýöne men muňa boýun boldum. Diri bolup, AI-niň getirjek “ahyrzamanyny” görmek isleýärinmi ýa-da ýok? Megerem, göresim gelýän bolsa gerek. Bu içgysgynç bolmaz" – diýip, Mask sözüniň üstüni ýetirdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir