Hytaý nebiti gaýtadan işlemek boýunça kuwwatyny 2023-nji ýylda 936 mln tonna çenli artdyryp, dünýäde birinji orny eýeledi. Bu barada Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasy tarapyndan neşir edilen hasabatda aýdylýar diýip, TASS habar berýär. 2023-nji ýylda HHR-de nebitiň sarp edilişi, takmynan, 756 mln tonna boldy. Hytaýa 399 mln tonna mineral ýaglary gerek boldy, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9,5% köpdür. 2023-nji ýylda Hytaýda çig nebitiň gazylyp alnyşy 200 mln tonna barabar boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir