HP amerikan kompaniýasy çap edilýän sahypalaryň sanyna görä tarifler bilen printer abuna ýazylyşygyny işe girizdi. Hyzmat üçin bahalar 6,99 dollardan başlaýar diýip, daily.afisha.ru habar berýär. Abuna ýazylyşyk HP All-in diýlip atlandyrylýar we ol printeri saýlamagy, syýa gutarmazdan öň syýa eltip bermegi, dowamly hyzmaty, gije-gündiz tehniki goldawy we ş.m. öz içine alýar. Abuna bilim, hojalyk we täjirçilik maksatly ulanylyp bilner. Abuna ýazylyşykda HP Envy, HP Envy Inspire we HP OfficeJet Pro printerlerini saýlap bolýar – olaryň her biri üçin çap edilýän sahypalaryň iň ýokary möçberi göz öňünde tutulandyr. Birinjisi üçin iň köp möçber 100 sahypa, ikinjisi we üçünjisi üçin – 300 we 700. Tas 7 dollar bolan iň arzan tarif HP Envy printerini we 20 sahypany öz içine alýar, HP Envy Inspire-da şonça sahypa üçin 12,99 dollar tölemeli bolýar. 700 sahypalyk HP OfficeJet Pro bolsa 35,99 dollara düşýär. Eger bellenilen möçberden az sahypa çap edilse, galyndy indiki aýa geçiriler, ýöne nyrh meýilnamasyndan köp gerek bolsa, onda bir sahypa üçin 1 dollar tölemeli bolar. Şol bir wagtyň özünde, abunadan çykmak hem töleglidir. Ýagny, HP Envy üçin hyzmat, eger 30 günlük synamadan soň we ulanylyşa bir ýyl bolmanka ýüz öwürseň, 120 dollar, bir ýyldan – 60 dollar, iki ýyldan – mugt bolar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir