Perm milli gözleg politehniki uniwersitetiniň alymlary ýol belgilerini awtomatiki tanamak üçin ulgam döretdiler. Ol heläkçilik howpuny azaltmak üçin sürüjilere ýol çäklendirmeleri barada duýduryş berip biler. Bu barada uniwersitetiň metbugat gullugy habar berdi. Bu taslama ýollardaky howpsuzlygyň derejesini ýokarlandyrar we ýol belgilerine nädogry düşünilmegi sebäpli ýüze çykýan düzgün bozulmalarynyň sanyny azaldar. Enjam islendik awtoulagda gurnalyp bilner we ol internete ýa-da GPS-e birikmegi talap etmeýär. Şuňa meňzeş ulgamlar daşary ýurtlaryň diňe ýokary derejeli awtoulaglarynda gurnalýar. «Ýol belgileri çyralaryň ýagtylygynyň düşýän aralygyndan – takmynan, 25 m uzaklykdan okalýar. Soňra ulgam ses kömekçisi ýa-da maňlaý aýnasyndaky proýeksiýa arkaly signal iberýär. Sürüjiniň alnan maglumatlara reaksiýa bildirmegi üçin takmynan 1-5 sekunt wagty bar» diýip, uniwersitetiň Maglumat tehnologiýalary we awtomatlaşdyrylan ulgamlar kafedrasynyň inženeri Aleksandr Larionow belledi. Işiň dowamynda alymlar erkin paýlanan programma üpjünçiliginiň esasynda kompýuter görüşiniň we maşyn öwrenişiniň häzirki zaman usullaryny ulandylar. Şeýle hem enjamy dürli yşyklandyryş we hapalanma şertlerinde synagdan geçirdiler. Uniwersitetde bu ulgamy awtoulaglaryň önümçilik tapgyrynda hem gurnap boljakdygyny aýtdylar. Ähli synaglardan soň bu programma üpjünçiligi esasynda işleýän enjam satuwa çykarylyp bilner. Ulgam täzelenmeleri ýükläp almak esasynda täze ýol belgilerini seljerip biler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir