Italiýada gowşak ýa-da düýbünden atrofirlenen myşsalary bolan adamlar üçin robotlaşdyrylan ekzoskelet döredildi. Bu barada «MedicalXpress» habar berýär. «TWIN» diýlip atlandyrylan ekzoskelet Milanda geçirilen metbugat maslahatynda tanyşdyryldy. Ýörite hereketlendirijiler hassalara dyz we but bogunlaryny epmäge kömek edýär. Enjam ädimiň uzynlygyna, hereket ýetmezçiliginiň derejesine we ýöreýiş tizligine görä sazlanýar. «TWIN» dürli ýöreýiş tertiplerine eýedir: mysal üçin, oňurga ýiliginiň zeperlenmesinden soň gowşak ýa-da işlemeýän aýaklary bolan hassalar üçin. Ol bedeni dik saklaýar, şeýle hem taýak bilen ýöremäge, durmaga we oturmaga kömek edýär. Mundan başga-da, ol reabilitolog lukmanlary tarapyndan dolandyrylyp bilner. Iki aýratynlyk ekzoskeleti özboluşly edýär: ol ýeňil materiallardan (şol sanda, alýumin garyndysy) ýasalan we aňsat daşamak üçin modully komponentlere eýedir. Mundan başga-da, dürli ululyklar elýeterlidir, bu bolsa ekzoskeleti adamyň ýaşyna we jynsyna görä uýgunlaşdyrmaga ýardam edýär. Akkumulýator dört sagatlap işläp bilýär we bir sagatda zarýad alýar. Bilermenler ýakyn wagtda ekzoskelet önümçiligi senagatyny ýola goýmagy umyt edýärler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir