Sony Pictures studiýasy doly metražly Cola Wars filmi üçin hukuk gazandy. Kartina 1980-nji ýyllarda ABŞ-da bolup geçen Coca-Cola bilen Pepsi brendleriniň arasyndaky göreş barada gürrüň berer. Bu barada film.ru habar berýär. Kartinanyň ssenariýasyny Jeýson Şuman (“Akapulko” serialy) we Ben Kuin (“Ulaglar 3”) ýazar. Filmiň heniz režissýory we aktýorlar düzümi belli däl. Sýužet barada hem maglumat berilmeýär. 1980-nji ýyllaryň ortalarynda Pepsi dünýäniň esasy gazlandyrylan içgisi adyny Coca-Cola-dan almaga synanyşýar we munuň üçin meşhur adamlary, şol sanda aýdymçy Maýkl Jeksony işe çekýär. Mahabat rolikleriniň biriniň surata düşürilişinde Jekson agyr ýanyk alýar. Cola Wars filminiň reliziniň senesi häzirlikçe belli däl.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir