Toyota awtomatiki geçiriş korobkasynyň näsazlyklary sebäpli 280 000 sany Tundra, Sequoia we Lexus LX 600 ýaly pikaplary we wnedorožnikleri yzyna çagyrýar. Awto.ru-nyň habar bermegine görä, bitarap ýagdaýa geçirilende awtoulaglar hereketini dowam etdirip bilýär, bu bolsa heläkçilik töwekgelçiligini ýokarlandyrýar. Kompaniýa programma üpjünçiliginiň täzelenmegi bilen meseläniň çözüljekdigini ynandyrýar. Toyota bu näsazlyk bilen baglanyşykly heläkçiligiň ýa-da şikes ýetmäniň ýüze çykandygy barada hiç zat habar bermeýär. Yza çagyryş 2022-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli öndürilen ulaglara degişlidir. Olarda 10 tizlikli Aisin “awtomatik” geçiriş ulanylýarlar. Ýaňy-ýakynda biz Toyota-nyň näsaz Takata howpsuzlyk ýassygy sebäpli 50 000 sany RAV4, Corolla we Corolla Matrix krossowerlerini yzyna çagyrandygyny habar beripdik.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir