«Microsoft» kompaniýasy «Speak for me» atly sesli diktor tehnologiýasynyň üstünde işleýär, ol saýlanan teksti tebigy sesde, şol sanda ulanyjynyň sesinde aýdyp biler. Bu barada «Windows Latest» portaly habar berýär. Täze ulgam entek ulanyjylar üçin elýeterli däl, ýöne operasion ulgama üýtgetmeleri girizip, funksiýany açyp bolýar. «Speak for me» mümkinçiligi çäkli adamlar ýa-da uly resminamalary özbaşdak sesli okamak islemeýänler üçin peýdaly bolup biler. Teksti sesli diňlemek üçin öz sesiňizi saýlamak mümkinçiliginden başga-da, «Speak for me» ulgamynda eýýäm taýyn sesler bardyr. Ulanyjylara iňlis (ABŞ, Hindistan, Angliýa), hytaý (ýönekeýleşdirilen), fransuz, nemes, ýapon, koreý, portugal we ispan (ispan we meksikan) dilleri elýeterlidir. Diktoryň sesiniň robotyňka meňzeş däldigi we «geň galdyryjy derejede tebigy ses aýratynlyklaryna eýedigi» bellenilýär. «Speak for me» ulgamynyň taýýar görnüşde «Windows 11 24H2» täzelenmesi bilen bilelikde 2024-nji ýylyň güýzünde tanyşdyrylmagyna garaşylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir