«Bugatti Bolide» trek giperkary rekord derejede uly tormozlar bilen enjamlaşdyryldy. Bu barada gazeta.ru «Motor1» neşirine salgylanyp habar berýär. Täze ulagyň tormoz ulgamy «Brembo» kompaniýasynyň işläp düzüjileri tarapyndan döredildi. Mehanizmiň netijeliligi «Formula 1» awtoulaglaryndaky gurluşlar we ýaryş maksatly sport prototipleri bilen deňeşdirilýär. «Bugatti Bolide» giperkarynyň öň tormozlarynda iki sany sekiz porşenli monoblok support bardyr. Olaryň hersi dört sany ýokary öndürijilikli 25mm kolodka we 390 x 37,5mm karbon disklere eýedir. Bular şu wagta çenli öndürilen iň uly karbon-keramiki tormozlardyr. Yzky tarapda hem öňdäkilerine meňzeş iki sany alty porşenli monoblok support bardyr. «Bolide» giperkarynyň tormoz diskleri ýygnalanda, hersiniň agramy 3,1 kg. Mundan başga-da, «Brembo» tormoz ulgamy üçin ýörite esasy silindrleri we tormoz suwuklygyny döretdi. «Bugatti Bolide» ýangyn söndüriji ulgam, alty nokatly howpsuzlyk kemeri, kelläni we boýny goramak ulgamy hem-de elektron sürüjiniň kömekçisi bilen enjamlaşdyrylandyr. 40 nusgada çykjak giperkar 4 million ýewro bahadan hödürlendir we eýýäm olaryň ählisi satyldy. Müşderiler olary şu ýyl kabul edip başlarlar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir