Win Dizel sosial ulgamlarda “Forsaž-11-iň” franşizanyň iň soňky filmi boljakdygyna yşarat etdi. Bu barada daily.afisha.ru belleýär. “Biziň “Forsaž” babatynda ssenariýaçylar we tutuş topar bilen hepdelik duşuşygymyz tamamlandy. Bu beýik final diňe bir soňlanma däl, bu biziň bilelikde döreden ajaýyp maşgalamyzyň baýramçylygydyr. Siz maňa buýsanarsyňyz diýip umyt edýärin” – diýip, Dizel ýazdy. On birinji bölümiň franşizanyň soňky bölümi bolup biljekdigi resmi taýdan habar berilmedi. Filmiň relizi 2024-nji ýylyň 4-nji apreline meýilleşdirilýär. Lenta Dominigiň “çynlakaý garşydaş” bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny görkezýän geçenki filmiň gönüden-göni dowamy bolar. Sýužet boýunça Dante öz kakasynyň ölüminiň şaýady bolýar, ony bäşinji “Forsažda” DSS agenti Lýuk Hobbs atýar. Şu wakalardan soň​ Dante​ baş gahrymandan ar almak üçin 12 ýyllap meýilnama düzýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir