Magtymguly Pyragynyň golýazmalary bilen içgin tanyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň wekilleriniň Beýik Britaniya saparyny gurnamak meýilleşdirilýär. Bu barada ýakynda Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndaky ilçisi Ý.Serýaýewiň Beýik Britaniýanyň “British Library” kitaphanasynyň Halkara aragatnaşyklar boýunça direktory Marsiýe Hopkins bilen geçiren iş duşuşygynda bellenilip geçildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär. Şeýle-de duşuşykda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Magtymguly Pyragynyň golýazma mirasy” atly taýýarlanylýan dokumental filmi üçin “British Library” kitaphanasynyň wekilleriniň şahyryň golýazmalary barada gürrüň bermek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň dowamynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň “British Library” kitaphanasynda saklanýan asyl golýazmalarynyň nusgalarynyň göçürmesi bilen tanyşlyk gurnaldy. Bulardan başga-da, “British Library” kitaphanasy bilen Türkmenistanyň Golýazma institutynyň we kitaphanalarynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň meseleleri boýunça pikir alşyldy. “British Library” kitaphanasynyň gaznasyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaby hem-de “Arkadag şäheri – geljegiň şäheri” atly kitap sowgat berildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir