Sport “Oskary” diýlip atlandyrylýan abraýly Laureus baýragyna dalaşgärler belli boldy. Sekiz nominasiýada dalaşgärleriň sanawy guramaçylyk komitetiniň saýtynda ýerleşdirildi diýip, RBK habar berýär. Baýragyň gowşurylyş dabarasy 22-nji aprelde Madridde geçiriler. Ýylyň iň gowy türgeni baýragyna futbolçylar Lionel Messi (2023-nji ýylda laureat boldy) we Erling Holand, tennisçi Nowak Jokowiç, “Formula-1-iň” sürüjisi Maks Werstappen, şestli böküji Arman Dýuplantis, ylgawçy Noa Laýls dalaş edýär. Ýylyň zenan türgeni baýragyna futbolçy Aýtana Bonmati, dag lyžaçysy Mikaela Şiffrin, tennisçi Iga Swýontek, ylgawçylar Şerika Jekson, Şa’Karri Riçardson we Feýt Kipýegon dalaşgär görkezildi. Şeýle-de, baýraklar “Ýylyň topary”, “Ýylyň öňegidişligi”, “Ýylyň gaýdyp gelmesi”, “Ýylyň mümkinçiligi çäkli türgeni”, “Ýagşylyk üçin sport” we “Ýylyň ekstremal görnüşlerde türgeni” nominasiýalarynda berler. Baýrak 2000-nji ýyldan bäri berilýär, ýeňijiler Cartier-den altyndan we kümüşden ýasalan 30 sm heýkel alýarlar. Laureus baýragyny iň köp alan türgen karýerasyny tamamlan şweýsariýaly tennisçi Rojer Federerdir. Onuň hasabynda ýylyň türgeni hökmünde bäş we “Ýylyň gaýdyp gelmesi” üçin bir baýrak bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir