23-nji fewralda Aýa gonan amerikan kosmos enjamy Nova-C (“Odisseý”) şowsuz gonandygy sebäpli öz işini bes edýär. Bu barada South China Morning Post neşirine salgylanyp, RBK habar berýär. LRO orbital enjamynyň suratlaryna görä, “Odisseý” göz öňünde tutulan ýerden, takmynan, 1,5 km uzaklykda – Aýyň günorta polýusyndan 300 km uzaklykda ýerleşýän Malapert A krateriniň golaýynda gondy. Kompaniýanyň wekilleriniň aýtmagyna görä, “Odisseý” alty aýagynyň biri bilen Aýyň üstüne ilişen we bir gapdala agdarylan bolmaly. Intuitive Machines kompaniýasy kosmos enjamynyň uçuş dispetçerleri bilen aragatnaşyk saklamagyny dowam etdirýändigini habar berdi. Kompaniýa Gün şöhlesi Gün panellerine düşmesini bes edýänçä maglumat ýygnamagyň dowam etdiriljekdigini belleýär. Ýer bilen Aýyň ýerleşýän ýerini göz öňünde tutanyňda, munuň 27-nji fewralda irden bolmagyna garaşylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir