Hytaýda geçirilen giň gerimli tanyşdyrylyş dabarasynyň çäginde «Xiaomi» kompaniýasy «Pad 6S Pro» flagman planşetini görkezdi. Täze önümde 3K durulykly, 144 Hz şekiliň täzeleniş tizligi we iň ýokary ýagtylygy 900 nit bolan 12,4 dýuýmlyk IPS displeýi ornaşdyrylypdyr. Displeýiň taraplarynyň gatnaşygy 3:2-ä deňdir. Planşetiň sesi «Dolby Atmos» tehnologiýasyny goldaýan sekiz dinamik tarapyndan üpjün edilýär. «Xiaomi Pad 6S Pro» planşetiniň öndürijiligine «Qualcomm» kompaniýasynyň 2023-nji ýyldaky «Snapdragon 8 Gen 2» flagman çipi jogapkärdir. Planşet 8, 12 ýa-da 16 GB operatiw ýada, şeýle hem 256, 512 GB ýa-da 1 TB goşmaça ýada eýedir. Planşet 50 MP we 2 MP datçikli goşa kamera, şeýle hem 32 MP durulykda frontal kamera bilen enjamlaşdyrylandyr. «Xiaomi Pad 6S Pro» hususy «HyperOS» operasion ulgamy tarapyndan dolandyrýar. «Android» nusgasy entek mälim edilmedi. Planşetiň «Windows» esasynda işleýän kompýuter bilen sinhronlaşdyrylyp bilinjekdigi, şeýle hem awtoulag ekrany ýa-da akylly öý dolandyryş paneli hökmünde ulanylyp bilinjekdigi bellenilýär. «Xiaomi Pad 6S Pro» üçin hususy magnit klawiaturasy we surat üçin stilus hem hödürlenilýär. Täze önüm 120 Wt çalt zarýad beriş goldawy bolan 10000 mA/s sygymly akkumulýator bilen üpjün edildi. «Xiaomi Pad 6S Pro» Hytaýda 3299-dan 4499 ýuana çenli (458-den 625 dollara çenli) bahadan satuwa çykarylar. Enjamyň Hytaýyň daşynda peýda bolup-bolmajakdygy barada habar berilmeýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir