«ZTE» kompaniýasy Ýaponiýada elýeterli bahadan eplenýän smartfony tanyşdyrdy. Bu barada «SoftBank» web sahypasyndaky metbugat beýanatynda habar berilýär. Enjam Hytaýyň «ZTE» kompaniýasy tarapyndan Ýaponiýanyň «SoftBank» korporasiýasynyň golçur kärhanasy bolan «Y!mobile» bilen bilelikde işlenip düzüldi. Enjam bazardaky çeýe displeýli iň arzan enjam diýlip atlandyrylýar. Enjamyň bahasy 420 dollardyr, ýöne öňünden sargyt edilende, smartfonyň bahasy 265 dollara çenli düşýär. Enjam 29-njy fewralda satuwa çykarylar. Tanyşdyrylan enjam iki eplenýän form-faktora we 2790x1188 piksel durulykly, 6,9 dýuým diagonally esasy displeýe eýedir. Smartfonyň daşky tarapynda goşmaça 1,43 dýuým diagonaly ekran bar. Onda salgylanma maglumatlarynyň görkezilýändigi habar berilýär. «Libero Flip» «Snapdragon 7 Gen 1» prosessory, 6 gigabaýt operatiw ýat we 128 gigabaýt goşmaça ýat bilen üpjün edilýär. Enjam 50 we 2 megapiksel durulykly obýektiwleri bolan esasy kamera bilen çykdy. Enjamda 4310 milliamper-sagat sygymly batareýa, IP42 standartyna laýyklykda çyglylykdan gorag, Wi-Fi 6, Bluetooth 5.2, NFC bardyr. «ZTE» kompaniýasynyň eplenýän smartfonynyň dünýä bazaryna çykyp-çykmajakdygy belli däl.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir