Germaniýanyň Mercedes-Benz awtoöndürijisi tutuş dünýä boýunça 250 müň töweregi awtomobili yzyna gaýtarýar. Bu barada GFR-iň Ulag serişdeleriniň meseleleri boýunça federal edara salgylanyp, DPA agentligi habar berýär. Agentligiň maglumatlaryna görä, yzyna gaýtarma 2023-nji ýylda çykarylan AMG GT, C-Class, CLE, E-Class, EQE, EQS, GLC, S-Class we SL modellerine degişli bolar. Germaniýada bu 37 müňden gowrak awtomobili öz içine alýar. Edaranyň belleýşi ýaly, yzyna gaýtarmanyň sebäbi käbir goraýjy enjamlaryň talaplara laýyk gelip bilmezliginden ybarat. Bu öz gezeginde hereketlendirijiniň hatardan çykmagyna getirip biler. Ýangyn howpuny hem inkär edip bolmaz. Kompaniýanyň wekili DPA agentligine seresaplylyk çäresi hökmünde şeýle awtomobillerde käbir detallaryň çalşyryljakdygyny aýtdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir