Türkmenistan telekommunikasiýa pudagynda iň täze tehnologiýalary işjeň ýagdaýda ornaşdyrýar. Indiki ädim ähli raýatlar we kärhanalar üçin internete ýokary tizlikli we ygtybarly elýeterliligi üpjün etjek ykjam aragatnaşygyň bäşinji nesline geçmekden ybarat. “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň saýtynda habar berlişi ýaly, ýurtda eýýäm döwrebap 5G ülňülerini ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri öwrenilýär. Degişli işler Türkmenistany 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýar. Telekommunikasiýa pudagynyň ösüşine jogapkär “Türkmenaragatnaşyk” agentligi öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalaryndan döwrebap enjamlary öwrenýär we synagdan geçirýär hem-de infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak we giňeltmek maksady bilen daşary ýurt maýa goýumlaryny özüne çekýär. Ýurduň ähli künjeklerini gurşap alýan “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň torunyň ösdürilmegine, şeýle-de awtomatlaşdyrylan hasaplaşyk (Billing) ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna we giňeldilmegine aýratyn üns berilýär. “Häzirki wagtda “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň toruny ösdürmek taslamasynyň çäklerinde ýurdumyzda öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalaryndan döwrebap enjamlar toplumy oturdyldy, bu hatda uzakdaky ilatly nokatlary-da ýokary tizlikli öýjükli aragatnaşyk, şol sanda giň zolakly internet bilen üpjün edýär” diýlip, agentligiň habarynda aýdylýar. Şular bilen bir hatarda, Internet ulgamyny kämilleşdirmek taslamasy boýunça enjamlar toplumlaryny gurnamak işleri-de alnyp baryldy. Türkmenistanyň sanly hyzmatlar gurşawynda-da işjeň ösüş hasaba alynýar. Sanly hyzmatlar: Internet ulanyjylaryň sany 3 195 919 adama barabar, şolardan: 441 010-usy simli internet ulanyjy, 2 754 909-ysy öýjükli internet ulanyjy; Häzirki wagtda ýurdumyzda daşky internet kanalyň kärendä alynýan bölegi 170 gigabit/sekunta ýetdi, içki internet kanalyň ulanylyşy 95 gigabit/sekunt. Häzirki wagtda, e.gov.tm Döwlet hyzmatlar portalyna jemi 515, ýagny 41 onlaýn tölegler we hyzmatlar, 268 sany maglumat hyzmatlary, şeýle hem döwlet edaralarynyň 158 sany web-saýtlaryna we 48 sany amala aşyrýan hyzmatlaryna salgylanmalar ýerleşdirilen. Häzirki wagtda, e.gov.tm Döwlet hyzmatlar portalynda jemi 42 315 sany şahsy otaglar döredildi. Ýurdumyz boýunça jemi 1 068 sany internet web-saýtlar bellige alyndy, olardan 312-si elektron söwda nokatlary we Internet dükanlary. Saýtlaryň 209-ysy şertnamalaýyn esasda Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugy tarapyndan gözegçilige alyndy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir