Internetde «Samsung» kompaniýasynyň marketing materiallary ýaýradyldy, onda kompaniýanyň täze fitnes trekeri «Galaxy Fit 3-iň» ähli aýratynlyklaryny we häsiýetnamasy beýan edilýär. Bu barada gazeta.ru «GizmoChina» neşirine salgylanyp habar berýär. Syzdyrylan faýllara görä, «Samsung Galaxy Fit 3» gönüburçly şekile, sag tarapynda fiziki düwme bolan alýumin korpusa eýe bolar. Şeýle hem enjam IP68 standartyna laýyklykda, çyglylykdan we tozandan goralar. Fitnes treker üç reňkde elýeterli bolar: çal, kümüşsöw we gülgüne. Şeýle hem materiallarda «Samsung Galaxy Fit 3-iň» 256-a 402 piksel durulykda we 2,5D aýna örtükli 1,6 dýuýmlyk AMOLED ekran bilen üpjün ediljekdigi bellenilýär. Täze fitnes treker öňküsinden 46% uly we 11% inçe bolar. Şeýle hem täze enjamda has köp sagat dizaýny görnüşleri hödürlener. «Samsung Galaxy Fit 3» saglyk we fitnes üçin funksiýalar bilen üpjün edilýär. Içinde gurlan ýürek urgusy monitory, SpO2 datçigi, stres yzarlaýjy, ädim hasaplaýjy, 101 türgenleşik režimine goldaw we alty görnüşli işjeňligi awtomatiki yzarlamak mümkinçiligi bar. Ýakynda çykjak fitnes trekerinde aýallaryň saglygyna gözegçilik üçin funksiýa hem bolar. Täze önüm 16 MB operatiw ýat we 256 MB goşmaça ýat bilen üpjün edilýär. Ahyrynda, täze önüm 208 mA/s sygymly akkumulýatora eýe bolar, bu bolsa 13 gün zarýad bermezden işlemek üçin ýeterlik diýilýär. «Samsung Galaxy Fit 3-iň» tanyşdyryljak senesi we bahasy aýan edilmeýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir