Apple öz saýtynda ulanyjylara iPhone-y suwa gaçan ýagdaýynda saç guradyjy ýa-da tüwi bilen guratmazlygy duýduryjy maglumaty ýerleşdirdi. Kompaniýa iPhone smartfonlaryny guratmak üçin daşarky ýylylyk çeşmelerini (saç guradyjylar, mikrotolkunly peçler) ýa-da dykyz howany ulanmagy maslahat bermeýär. Zarýad berijiniň birikdirilýän ýerine çyglylygy özüne siňdirip bilýän, ýöne ony doly aýryp bilmeýän predmetleri (pagta taýajyklary, kagyz polotenseleri) salmak gerek däl. Şeýle-de, iPhone-y tüwüli halta salmaň, sebäbi tüwi däneleri birikdirijileri ýapyp, içerki komponentlere zeper ýetirip biler diýip, kompaniýa duýdurýar. Munuň deregine: Artykmaç suwuklygy aýyrmak üçin iPhone-y birikdirijini aşak görkezip saklaň we oňa eliňiz bilen seresap kakyň. Smartfony gowy ýelejiredilýän gury ýerde goýuň we ol tebigy usulda guraýança garaşyň. Bu azyndan 30 minut alar. Ekranda birikdiriji ýerlerde suwuklygyň bardygyny aňladýan sary ýüzlenme belgisi ýitýänçä zarýad berjek ýa-da aksessuarlary ulanjak bolmaň. Eger telefon doly guran bolsa, ýöne zarýad almasa, zarýad berijini aýryň we soňrak barlap görüň. Apple saç guradyjynyň, tüwiniň we beýleki şuňa meňzeş usullaryň ulanylmagynyň iPhone-a zeper ýetirip biljekdigini belleýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir