«X» platformasynda geçirilen audiomaslahatda Ilon Mask dünýäde ilkinji bolup «Neuralink» kompaniýasynyň neýrointerfeýsi ýerleşdirilen hassanyň gazanan üstünligi barada habar berdi. «Neuralink» kompaniýasyny esaslandyran milliarderiň bellemegine görä, el-aýagyny ulanmak mümkinçiligini ýitiren adam beýnisine ornaşdyrylan «Telepathy» (Telepatiýa) simsiz çipi arkaly pikiriniň güýji bilen kursory ekranda hereketlendirmegi başardy, munuň özi neýrotehnologiýa pudagynda möhüm üstünlikdir. «Neuralink» kompaniýasynyň topary häzirki wagtda enjamyň kömegi bilen «pikir arkaly» syçanjygyň düwmesini basmak funksiýasyny synagdan geçirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir