Amazon-yň esaslandyryjysy Jeff Bezos şu aýda yglan eden kompaniýanyň 50 million paýnamasyny satmak baradaky meýilnamasyny tamamlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, umumy girdeji 8,5 milliard dollara ýetdi. Soňky günlerde, takmynan, 2,4 milliard dollarlyk 14 milliondan gowrak paýnama satdy. Deslapdan telekeçi gymmatly kagyzlaryň satuwynyň 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyryna çenli dowam etjekdigini çaklapdy. Telekeçiniň girdejini nämä sarp etjekdigi entek belli däl. Bezos iň soňky gezek paýnamalaryny 2021-nji ýylyň maý aýynda Amazonyň baş müdiri wezipesinden aýrylanda satypdy. Bloomberg-iň düzen dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyna görä, Bezosyň baýlygy 191,3 milliard dollar. Häzirki wagtda ol Blue Origin aerokosmos kompaniýasyna we Washington Post gazetine eýeçilik edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir