Germaniýaly hünärmen Tomas Tuhel häzirki möwsüm tamamlanandan soň Mýunheniň “Bawariýasynyň” baş tälimçisi wezipesini terk eder. Bu barada futbol klubunyň saýtyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär. Tälimçi bilen baglaşylan şertnama 2025-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket edýär. Ýöne Tuheliň 2024-nji ýylyň 30-njy iýunynda gitmegi baradaky kararyň hünärmen bilen klubuň baş müdiri Ýan-Kristian Drizeniň arasyndaky dostlukly maslahatlaşmanyň netijesi bolandygy bellenilýär. “Biziň maksadymyz 2024/25 möwsümine çenli topary täze tälimçi bilen üýtgetmek. Şol wagta çenli klubuň her bir işgäri Çempionlar ligasynda we Bundesligada ýokary netijeleri gazanmaly. Men bu meselede topary jogapkärçilige çagyrýaryn. Aýratynam, biz Çempionlar ligasynda Rimiň “Lasiosy” bilen birinji oýundaky 0:1 hasapdan soň janköýerlerden doly “Alýans Arenada” geçiriljek ikinji oýunda dörtden bir finala çykjakdygymyza ynanýarys” – diýip, Drizen belledi. “Biz hyzmatdaşlygymyzy şu möwsümden soň tamamlamak barada ylalaşdyk. Şol wagta çenli men ýokary üstünlige ýetmek üçin tälimçiler toparym bilen ähli tagallalary ederin” – diýip, tälimçi aýdýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir