«Google» harytlarynyň resmi dükany 16 dollara «Android Classic» kolleksion heýkeljigini hödürledi. Bu barada gazeta.ru «GizmoChina» portalyna salgylanyp habar berýär. Oýnawaç çäkli sanda öndürilip, satyn almak üçin diňe ABŞ-da elýeterli bolar. Ol hereketli elleri bolan «Android» operasion ulgamynyň nyşanynyň 3 dýuýmlyk winil şekilidir. «Biz köp garaşylan «Android» kolleksion heýkeljigini hödürleýändigimiz üçin diýseň begenýäris! Bu «Bugdroid» özboluşly aýratynlyklara baýdyr we islendik stoly ýa-da kitap tekjesini bezär» diýlip, heýkeljigiň beýanynda bellenilýär. Robotyň ady Bot, ýöne önümiň sahypasynda bu at agzalmaýar. Munuň ýerine köp ýyl bäri ykjam operasion ulgamyň nyşanyny suratlandyrmak üçin ulanylýan «Bugdroid» sözi duş gelýär. Oýnawajyň öndürijisi belli däl, ýöne internetde onuň «Dead Zebra» tarapyndan döredilendigi çaklanylýar. Ol ozal «Google» bilen hyzmatdaşlykda beýleki heýkeljikleri we esbaplary öndüripdi. 20-nji fewralda «Google-yň» web sahypasynda kolleksion oýunjaklaryň gutarandygy mälim edildi. Bu heýkeljigiň näçe mukdarda öndürilendigi mälim edilmedi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir