Apple fitnes trekeriň analogy hökmünde çykyş etjek we ulanyjynyň saglygy barada maglumat ýygnajak “akylly” ýüzügi döretmegiň üstünde işleýär. Bu barada MacRumors neşirine salgylanyp, gazeta.ru habar berýär. Neşiriň maglumatlaryna görä, Apple şeýle ýüzügiň konseptiniň üstünde birnäçe ýyl bäri işleýär, muny birnäçe patentler hem delillendirýär. Apple-iň bu ýüzügi Samsung-yň Galaxy Ring ýüzügine bäsdeş bolup biler, şonuň üçin amerikan kompaniýasy ony has kämil etmäge synanyşar. “Apple Samsung-yň “akylly” ýüzüginiň sagatlara has ykjam we energiýa taýdan netijeli alternatiwa bolup biljekdigini ýa-da ýokdugyny bilmek üçin bazara ünsli syn edýär. Kompaniýa smart-ýüzügi döretmek işine dakylýan gurluşlaryň hataryny giňeltmegiň täsirli ssenariýasy hökmünde çynlakaý garaýar. Muny soňky wagtlar sany artýan tematiki patentler hem delillendirýär” – diýip, neşir ýazýar. Galaxy Ring 2024-nji ýylyň ikinji ýarymynda köpçülikleýin önümçilige goýberiler. Pulsy ölçemekden başga-da, onuň EKG monitoringini we uky gözegçiligini goldamagyna garaşylýar. Şeýle-de, enjam beýleki gurluşlary dolandyrmak funksiýasyna we galtaşyksyz NFC töleg mümkinçiligine eýe bolmaly.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir