«What Car?» britan awtoulag žurnaly iň ýaramaz elektrik krossowerleriniň sanawyny düzdi. Iň ygtybarsyz awtoulaglaryň sanawyna «Audi Q8 e-tron», «Jaguar I-Pace» we «Opel Mokka» ulaglary girdi. Her ýylda geçirilýän ygtybarlylyk barlagynyň çäklerinde 21 müň sürüjiden soňky iki ýylda ulaglarynda ýüze çykan näsazlyklar we kemçilikler, abatlaýyş çykdajylary we dowamlylygy barada sorag edildi. Gözlegiň netijelerine esaslanyp, 32 brendiň 178 modeli barada maglumat ýygnaldy. Gözlegiň netijelerine görä, iň ygtybarsyz krossower «Opel Mokka Electric» (britan bazarynda «Vauxhall») boldy. Onda sürüjileriň 40%-i batareýadaky näsazlyklar, 27%-i media ulgamy, 13%-i motor, elektrik we rul sebäpli nägilelik bildirdiler. «Jaguar I-Pace» hem pes ygtybarlylyk görkezdi: awtoulag eýeleriniň 42%-i näsazlyklar sebäpli nägilelik bildirdi. Şol bir wagtyň özünde, kemçilikleriň 58%-ni aradan aýyrmak üçin bir hepdeden gowrak wagt gerek boldy, şolardan 35%-i ewakuator bolmazdan hyzmat ediş merkezine baryp bilmedi. Anti-reýtinge girizilen üçünji model «Audi Q8» krossoweriniň elektrik görnüşi boldy. Sorag edilen ulag eýeleriniň 40%-i näsazlyklardan şikaýat etdiler. Esasy meseleleriň arasynda sürüşe degişli bolmadyk elektrik enjamlary, şeýle hem media ulgamy bar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir