Tesla amerikan kompaniýasy öňdebaryjylygy Mercedes-Benz kompaniýasyna geçirip, iň gymmat awtoöndüriji adyny ýitirdi. Report agentliginiň habar bermegine görä, bu Brand Finance halkara analitik agentliginiň hasabatyndan gelip çykýar. Tesla-nyň bahasynyň peselmegi elektromobil öndürijisiniň abraýyna we onuň brendiniň bahasyna täsir eden Ilon Mask bilen baglanyşykly dawalaryň esasynda bolup geçdi. Amerikan kompaniýasynyň bahasy 12%, 58,3 mlrd dollara çenli azaldy we bu hem Mercedes-Benz-e öňe çykmaga mümkinçilik berdi. Nemes markasynyň bahasy 1%, 59,4 mlrd dollara çenli artdy. Reýtingde üçünji orny 52,7 mlrd dollar baha bilen Toyota saklady. Şeýle-de, Brand Finance konsalting kompaniýasynyň analitikleri dünýäde iň güýçli awtomobil brendini kesgitlediler. Ol Italiýanyň Ferrari markasy boldy. Iň gymmatly Hytaý awtoöndürijisi diýlip BYD yglan edildi. Onuň bahasy 20%, 12,1 mlrd dollara çenli ýokarlandy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir