«Google» täze operasion ulgamynyň ilkinji synag nusgasy bolan «Android 15 Developer Preview 1-i» yglan etdi. Bu gurluş diňe işläp düzüjiler üçin niýetlenendir, ol durnuksyz bolup biler we işleýşinde kemçilikler bolup biler diýip, «Rozetked» portaly habar berýär. «Android 15 Developer Preview 1» «Pixel 6» seriýaly we ondan ýokary smartfonlaryň eýeleri, şeýle hem «Android Studio» arkaly emulýasiýanyň çäklerinde elýeterlidir. Operasion ulgamynda şu wagta çenli ýüze çykarylan täzelikleriň arasynda çalt sazlamalar panelindäki ýagtylyk sazlananda taktiki seslenme bellenilip bilner, şeýle hem tekst ýazylanda titremäni öçürmäge mümkinçilik berýän «Klawiatura wibrasiýasy» mümkinçiligi, ýygy-ýygydan bildiriş iberýän ykjam goşundylarda olaryň sesini peseltmäge mümkinçilik berýän «Bildirişleriň sesini peseltmek» opsiýasy we beýlekiler bardyr. Geljekde «Android 15-iň» synag nusgalarynda has täze aýratynlyklaryň peýda boljakdygy bellenilýär. Häzirki wagtda «Google» ýüze çykan säwlik sebäpli operasion ulgamynyň OTA şekillerini el bilen gurnamak mümkinçiligini wagtlaýynça togtatdy. «Android 15-i» synagdan geçirmek prosesi üç basgançakdan ybarat bolup, hersi üçin iki sany reliz bar: fewral we mart aýlarynda «Developer Preview», aprel we maý aýlarynda «Beta», şeýle hem iýun we iýul aýlarynda «Platform Stability» nusgalary. «Android 15-iň» soňky we durnukly nusgasynyň 2024-nji ýylyň tomsunyň ahyrynda ýa-da güýzüň başynda çykmagyna garaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir