«Apple» kompaniýasynyň maşyn öwreniş boýunça hünärmenleri emeli aň (AI) esasynda animasiýa döretmek üçin «Keyframer» goşundysyny döretdiler. Gözlegiň netijeleri «arXiv» ylmy neşirleriň platformasynda ýerleşdirildi. Täze işiň dowamynda «Apple-iň» kompýuter boýunça hünärmenleri GPT-4-iň AI modeliniň tekst düşündirişlerine görä, SVG formatyndaky ýönekeý şekilleri nähili janlandyryp bilýändigini öwrendiler. Mysal hökmünde, «Keyframer» uçuş meýdançasynda raketanyň çyzgysyny gaýtadan işledi we görkezmelerde beýan edilişi ýaly, enjamyň asmana göterilişiniň gysga wideosyny döretdi. Hünärmenler taýýar animasiýanyň beýleki enjamlara geçirilip bilinjekdigini we koduny redaktirläp boljakdygyny düşündirdiler. Hünärmenler «Keyframe» goşundysynyň gaýtalanýan animasiýany hem goldaýandygyny, ulanyjylaryň faýlyň her täze wersiýasy döredilenden soň taýýar önümi gowulandyrmak üçin görkezmeleri goşup biljekdigini bellediler. Barlagçylar «Apple» kompaniýasynyň animasiýa döretmek üçin esasy goşundy hökmünde «Keyframer-i» ähli enjam platformalarynda hödürläp biljekdigini öňe sürdüler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir