«Google Play Console» katalogynda heniz tanyşdyrylmadyk täze «Samsung Galaxy A35» smartfony barada maglumatlar peýda boldy. Onuň aýratynlyklarynyň beýany we suraty ozal paýlaşylan maglumatlary tassyklady diýip, «MySmartPrice» portaly habar berýär. Şeýlelikde, «Samsung Galaxy A35» Full HD+ durulykly ekran, «Samsung Exynos 1380» prosessory we 8 GB operatiw ýat bilen üpjün ediler. Bellenilmegine görä, bu model 6 GB operatiw ýat bilen hem hödürlener. Mundan başga-da, enjam 25 Wt çalt zarýad beriji goldawy bilen 5000 mA/s sygymly akkumulýatora eýe bolar. Şeýle hem smartfon 50 megapiksel durulykly esasy kamera hem-de 8 we 5 megapikselli iki modul bilen bilen üpjün edilýär. Selfi kamerasy 13 megapiksel durulykda bolar. Smartfonyň aýratynlyklarynyň biri hem orta arzanlykdaky enjamlar üçin adaty bolmadyk IP67 standartyna laýyklykda sertifikatlaşdyrylan suwdan we tozandan goragyň bolmagydyr. Şol bir wagtyň özünde, «Galaxy A35» daşky görnüşi boýunça «Galaxy A55» we ownuk tapawutlary bolan «Galaxy S24» modellerine meňzeýär. Enjamyň 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde çykmagyna garaşylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir