Alymlar ABŞ-nyň gündogar böleginiň beýleki ýerlerden tapawutlylykda global ýylama hadysasyna sezewar bolmandygyny anykladylar. Gözleglere görä, bu täsin hadysanyň sebäbi bu ýerde tokaýlaryň giň gerimde dikeldilmegi boldy diýip, gazeta.ru habar berýär. ABŞ-da kolonial döwri başlanaly bäri tokaýlar oba hojalygy we gurluşyk işleri üçin işjeň çapyldy. Ýöne 1920-nji ýyllardan ýagdaý üýtgedi: şäherleşme ilatyň oba ýerlerinden gitmegine getirdi, ABŞ-nyň hökümeti bolsa tokaýlary dikeldiş maksatnamasyny işe girizdi. Netijede, geçen asyrda ýurduň gündogarynda 15 mln gektar töweregi tokaý massiwleri ekildi. Dikeldilen tokaýlar sebitiň klimatyna sowadyjy täsiri ýetirdi. Ýagny, agaçlaryň ýapraklary tarapyndan suwuň bug görnüşinde howa zyňylma hadysasy (transpirasiýa) howanyň temperaturasynyň peselmegine sebäp boldy. Alymlar 1900-nji ýyldan 2000-nji ýyl aralygyndaky döwür üçin hemralardan we meteostansiýalardan alnan maglumatlary öwrenip, dikeldilen tokaýlardan sowadyjy täsiriň 400 metre çenli aralyga ýaýraýandygyny anykladylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir