RYA-nyň A.A.Borisýak adyndaky paleontologiýa instituty öz saýtynda Sibir psittakozawrynyň kelle süňküniň öwrenilişiniň netijelerini habar berdi. Gözlege görä, Aziýada hek döwründe (129,4-113,0 mln ýyl mundan ozal) psittakozawrlar giňden ýaýran we agalyk ediji jandarlar bolupdyr. Bu barada news-m.ru belleýär. Sibir psittakozawry 1953-nji ýylda Kemerowo sebitinde tapyldy. Dinozawrlaryň bu görnüşi Gündogar Aziýadaky, esasanam, Mongoliýadaky we Hytaýdaky tapyndylaryň üsti bilen mälimdi. Psittakozawrlar 130-100 mln ýyl mundan ozal ýaşap geçipdirler. 1997-nji ýylda Şestakowo obasynyň töwereklerinde psittakozawrlaryň gowy saklanan jübüt skeleti tapyldy we ol “Romeo we Juletta” diýlip atlandyryldy. Soňrak onuň Sibir psittakozawry - Psittacosaurus sibiricus hökmünde häsiýetlendirilen täze biologiki görnüşdigi kesgitlenildi. 2014-nji ýylda dürli ululykdaky 12 sany psittakozawr skeleti tapyldy we bu paleontologlara dinozawrlaryň ýaş bilen baglanyşykly üýtgeýşini öwrenmäge mümkinçilik berdi. Kompýuter tomografiýasynyň kömegi bilen 2014-nji ýylda tapylan psittakozawrlaryň iki kelle süňki öwrenildi – ýaş we uly. Bu hem Sibir psittakozawrynyň kelle süňküniň jikme-jik anatomiýasy barada täze maglumatlary berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir