Kosmos enjamlarynyň döwük bölekleri we beýleki kosmos zibilleri barada maglumat ýygnamak üçin niýetlenen ýapon hemrasy orbita üstünlikli çykaryldy. Bu barada Astroscale Japan işläp düzüji kompaniýa salgylanyp, TASS habar berýär. ADRAS-J enjamy Täze Zelandiýanyň Mahiýa ýarym adasynda ýerleşen Rocket Lab hususy kosmodromyndan uçuryldy. Beýikligi 1,2 m we ini 80 sm bolan hemra köp sanly hereketlendirijiler bilen üpjün edildi, bu hem oňa kosmos giňişliginde hereket etmäge we zibillere hem döwük böleklere has golaý barmaga mümkinçilik berýär. Aýratynam, enjamyň kömegi bilen 2009-njy ýylda uçurylan H2A ýapon raketa göterijisiniň basgançagynyň böleklerini öwrenmek, olary surata düşürmek we Ýere maglumatlary ibermek meýilleşdirilýär. Kompaniýa munuň kosmos zibiline howpsuz ýakynlaşmak boýunça dünýäde ilkinji missiýadygyny belleýär. Ol üstünlikli bolan ýagdaýynda kompaniýa Ýeriň orbitasynda zibilleri ýygnamak tehnologiýasyny ösdürmek we dürli ýurtlarda hökümetler hem täjirçilik kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmek isleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir