Kaliforniýanyň Tehnologiýa institutynyň (Caltech) alymlary beýleki guramalardaky hyzmatdaşlary bilen kosmos energiýasy pudagynda üstünlik gazandylar. “Extremetech” portalynyň habaryna görä, olar ýörite enjamyň kömegi bilen energiýa toplap, orbita emeli hemrasyndan Ýere iberip bildiler. Alymlaryň ulanan enjamyna Microwave Array for Power-transfer Low-orbit Experiment (MAPLE) diýilýär. Ol Gün energiýasyny radio ýygylygyna öwürýän Gün panellerinden we Ýere iberýän antenadan ybarat. Orbitadaky Gün panelleri howa şertlerine ýa-da günüň wagtyna garamazdan, yzygiderli energiýa öndürip, olary ýerdäkilerden has täsirli edip biler. Şeýle-de bolsa, esasy mesele energiýany orbitadan Ýere nädip ygtybarly geçirmeli diýen meseledir. Synag wagtynda MAPLE bir gezekde 175-251 mWt energiýa ýygnamagy başardy we Ýere onuň bary-ýogy 1 mWt-y gelip ýetdi. Munuň sebäbi atmosferada we kabul ediş stansiýasynda energiýanyň ýitirilýändigi bilen baglanyşykly. Alymlar tehnologiýany kämilleşdirmegi we Ýere 10 müň hojalyga ýeterlik elektrik energiýasyny iberip biljek SPPD-1 ýaly hemralar toplumyny döretmegi meýilleşdirýärler. Bu synag Ýerdäki adaty energiýa çeşmelerine alternatiwa bolup biljek kosmos energiýasy ideýasyny durmuşa geçirmekde ilkinji ädimdir. Caltech-iň alymlary bu taslama kosmos senagatynyň ösmegine we planetanyň ekologiýa durnuklylygyna goşant goşar diýip umyt edýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir