QR kody ulanyp, Wi-Fi torlaryna birikmek eýýäm köp smartfonlarda bar. Indi bu aýratynlyk Windows 11 enjamlarynda hem elýeterli bolar diýip, tom's Hardware-a habar berýär. Microsoft şu ýylyň ahyrynda çykmagyna garaşylýan 24H2 täzelenmesinde şeýle aýratynlygy synagdan geçirýär. Bu aýratynlyk noutbuklarda we kamera bilen enjamlaşdyrylan ýa-da birikdirilen kamerany ulanmaga ukyply islendik Windows enjamlarynda peýda bolar. Enjamyň kamerasy QR koduny gözden geçirenden soň, ulanyja birikmek üçin zerur SSID we paroly berler. Bu aýratynlyk diňe bir noutbuklaryň we planşetleriň eýeleri üçin däl, eýsem Windows-da işleýän ähli kompýuterler üçin hem peýdaly bolup biler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir