Meşhur hip-hop aýdymçysy Eminem çendenaşa muşdaklyk hadysasy hakynda «Sten medeniýeti» atly dokumental film döreder. Bu hadysa «Sten» (2000) atly aýdym çykandan soň internetde şeýle atlandyrylyp başlandy: onda Eminem Sten atly özüni gödek alyp barýan muşdagyň adyndan rep okaýar, muşdagy oňa yzly-yzyna haýbat atýan hatlary iberýär. Film repçiniň durmuşyna esaslanyp, ýyldyz bilen muşdaklarynyň arasyndaky gatnaşyklary öwrenýär diýip, «Variety» neşiri ýazýar. Sinopsise görä, film «dünýäniň iň ajaýyp we üstünlikli suratkeşleriniň biri Eminemiň we onuň muşdaklarynyň üsti bilen superfandom dünýäsini paş edýär hem-de oňa içgin aralaşýar». Filmiň režissýory Stiwen Lekart (2020-nji ýylda Netflix üçin «Çellenjer: Soňky uçuş» atly dokumental mini-serialy surata düşürdi). Taslamanyň üstünde Eminemiň «Shady Films» kompaniýasy «DIGA Studios» we «Hill District Media» bilen bilelikde işleýär. Film şu ýyl çykar, ýöne takyk senesi mälim edilmedi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir