Günorta Koreýanyň «The Elec» neşiriniň habar bermegine görä, «Samsung» geljekki «MacBook» modelleri üçin OLED displeýleriniň üpjünçilik zynjyryna goşulmaga taýynlanýar. Soňky ýyllarda «Apple-iň» «MacBook Pro» we «MacBook Air» noutbuklarynyň LCD displeýlerini OLED displeýleri bilen çalyşmagy meýilleşdirýändigi barada habarlar ýaýrady. «The Elec» neşiriniň hasabatynda «Samsung» kompaniýasynyň häzirki wagtda «Apple-iň» noutbuklary üçin ekran öndürmek boýunça ulanyljak sekizinji nesil OLED panelleriniň önümçilik hataryny taýýarlaýandygy aýdylýar. «The Elec» bu önümçilik liniýasynda öndürilen panelleriň 2027-nji ýyla çenli täze «MacBook» modellerinde ulanylmajakdygyny hem belleýär. Hytaýyň «ITHome» neşiri hem «Apple-iň» 2024-nji ýylyň mart aýynda iki sany täze «iPad Pro» modelinden başlap, 2027-nji ýyla çenli dokuz sany täze enjamda OLED displeýlerini ornaşdyrmagy meýilleşdirýändigini ýazýar. «ITHome-iň» çaklamalaryna görä, OLED displeýli ilkinji «MacBook» 2026-njy ýylda çykar. OLED displeýleriniň artykmaçlyklary has ýokary ýagtylygy we kontrasty, reňkleriň has takyklygyny we pes energiýa sarp etmegini öz içine alýar. OLED panelleri LCD ekranlardan has inçe we ýeňildir. «Apple» eýýäm «iPhone SE-den» başga ähli «iPhone» we «Apple Watch» modellerinde OLED displeýleri ulanýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir