Şu ýyl Italiýanyň Aşgabatdaky diplomatik edarasynyň açylanyna 10 ýyl bolýar. Bu şanly sene mynasybetli birnäçe syýasy, medeni, işewür we bilim çäreleri geçiriler. Bu barada Italiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Luiji Ferrari «Magtymguly Pyragynyň parahatlyk ýörelgesi we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy» atly halkara maslahatynda eden çykyşynda aýtdy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär. 2023-nji ýylda Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde meşhur kompozitor Juzeppe Werdiniň 210 ýyllygyna bagyşlanan, şeýle hem Italiýanyň opera we saz gurallarynyň meşhur eserleriniň konsertlerini geçirdi. Şu ýylyň mart aýynda Aşgabatda iki ýurduň tanymal pianinoçylarynyň bilelikdäki konsertini guramak meýilleşdirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir