Meşhur suratkeş Iwan Aýwazowskiniň 1878-nji ýylda çeken “Aýly gije” kartinasy Moskwadaky auksionda 92 million rus rubluna (takmynan, 1 million dollar) satyldy. Bu barada “Auksion Holding”-iň metbugat gullugyna salgylanýan RIA-nyň “Nowosti” gullugy habar berýär. “Aýly gije” atly kartina Konstantinopol we onuň diňleri görünýän deňiz peýzažydyr. Aýwazowskiniň bu eseri auksionyň esasy bölegi boldy. Şeýle hem, auksionda XVIII-XX asyrlaryň, Nikolaý Rerirhiň “Gimalaý daglary” we Ilýa Repiniň “Patriarh Filaret” ýaly beýleki sungat eserleri bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir