smartfonlarynyň täze hataryny çykarmaga taýynlanýar. Wccftech portalynyň habaryna görä, iň görnükli täzelikleriň biri esasy kameranyň täze dizaýny bolar. Çeşmäniň berýän maglumatlaryna görä, iPhone 16 Pro-da her kamerasynyň öz tegelek göwresi bolan öňki modellerden tapawutlylykda, ähli kameralar üçin bir blok bolar. Bu smartfona Majin Bu-nyň X sahypasynda ýerleşdiren suratlarynda görkezilişi ýaly, has ýylmanak we döwrebap görnüş berer. Täze kameranyň dizaýny alyjylar üçin özüne çekiji ýagdaý bolup biler. Kompaniýa henizem iPhone 16-nyň Pro modelleri üçin dürli prototipleri giňişleýin synagdan geçirýär, şonuň üçin enjamda has köp üýtgeşmeler bolup biler. Mundan başga-da, täze iPhone 16 Pro köp sanly innowasion aýratynlyklara we emeli aňa, şol sanda kämilleşdirilen neýron hereketlendirijisine we A18 prosessoryna eýe bolar. Hünärmenleriň pikiriçe, bu gowulaşmalar smartfona surat we wideo düşüriş ulgamynda has köp mümkinçilik döreder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir