Beýik Britaniýanyň häkimiýetleri Angliýanyň mekdeplerinde ykjam telefonlaryň ulanylmagyna doly gadaganlyk girizýän görkezmäni neşir etdiler. Bu barada Birleşen Korollygyň Bilim ministrliginiň metbugat relizine salgylanyp, TASS habar berýär. Resminamada bellenilişi ýaly, Angliýanyň mekdeplerinde ykjam telefonlaryň gadagan edilýändigi baradaky görkezmäni müdirler synp otaglarynda bidüzgünçiligi azaltmak we okuwçylaryň özüni alyp barşyny gowulandyrmak üçin ulanarlar. Bu düzgüni bozan okuwçylar sapakdan soň galdyrylar, gajetler bolsa müdiriň zerur hasaplan möhletine çenli elden alnar diýlip, metbugat relizinde aýdylýar. Täze düzgünlere laýyklykda, mugallymlar okuwçylaryň ýantorbalaryny barlap bilerler, şeýle-de alnan ykjam telefonlaryň ýitirilendigi ýa-da zyýan ýetirilendigi üçin ene-atalar tarapyndan beriljek şikaýatlardan hukuk goragyny alyp bilerler. Mekdeplere bu düzgünleri berjaý etmek üçin dört çemeleşme hödürlenýär diýlip, görkezmede bellenilýär. Birinjisi – gajetiň mekdebiň çäginde ulanylmagyny doly gadagan etmek, olary öýde goýmak teklip edilýär. Ikinji we üçünji çemeleşmeler telefonlaryň bilim edarasynyň işgärlerine berilmegini ýa-da olaryň okuw gününde ýörite gorag şkaflarynda goýulmagyny göz öňünde tutýar. Dördünjisi – telefony özüňde saklamak, ýöne “hiç kim görmez we hiç kim eşitmez” düzgünini berk berjaý etmekdir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir