Italiýaly we şweýsariýaly alymlar el-aýagy amputirlenen adamlara protezleri arkaly galtaşýan zatlarynyň temperaturasyny duýmaga mümkinçilik berýän özboluşly MiniTouch ulgamyny döretdiler. Tehnologiýa amputasiýadan soň ýitirilen ýylylygy we sowugy duýmak duýgusyny dikeldýär diýip, 4PDA habar berýär. MiniTouch ulgamy proteziň ujunda ýerleşýän temperatura datçiginden we eliň sütünine berkidilen ýyladyş elementinden durýar. Sensor derä degende, ýyladyş elementine iberilýän elektrik signallaryny döredýär. Bu element deriniň üstki temperaturasyna baglylykda gyzdyrýar ýa-da sowadýar. Şeýlelik bilen, kökdäki nerwler temperaturanyň üýtgemegine täsir edýär we beýnä signal iberýär. Netijede, adam signaly barmagyň ujundan gelýän ýaly duýýar. MiniTouch tehnologiýasy eli amputirlenen 57 ýaşly bir adamda synag edildi. Ol suw çüýşesiniň we metal kublaryň temperaturasyny dogry kesgitläp, hatda, gözüni baglasalarda, adam elini protezden tapawutlandyryp bilýärdi. Jogaplaryň takyklygy 80% boldy. MiniTouch ulgamy Italiýada Sant-Annanyň öňdebaryjy gözlerler mekdebiniň we Şweýsariýanyň Lozanna Federal mekdebiniň (EPFL) işgärleri tarapyndan işlenip düzüldi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir