21-nji fewralda Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň Italiýanyň "Inter" topary bilen Madridiň "Atletikosynyň" arasynda ilkinji oýny geçirildi. Toparlar Italiýanyň Milan şäherindäki "San-Siro (Juzeppe Meassa)" stadionynda oýnadylar. Oýun milanlylaryň peýdasyna 1:0 hasabynda tamamlandy. 79-njy minutda ýeke-täk we ýeňiş goluny Marko Arnautowiç girizdi. Oýna repçi Kanýe Uest hem tomaşa etdi, ol tutuş oýny örtükli oturyp geçirdi. Öň, Uestiň "Interiň" janköýerleri bilen iki aýdym ýazyp, olara aýdymlara hukugy berendigi belli boldy. Beýleki bir oýunda Niderlandlaryň PSW topary Eýndhowendäki "Filips" stadionynda Dortmundyň "Borussiýasyny" kabul etdi. Garşydaşlar ýeňijini saýlap bilmediler, oýun 1:1 hasabynda tamamlandy. 24-nji minutda dortmundlylara hasaby açmak başartdy - gol bilen hüjümçi Doniell Malen tapawutlandy. 56-njy minutda ýer eýeleri hasaby deňlediler. 11 metrlik urgudan hüjümçi Lýuk de Ýong gol geçirdi. Bu toparlaryň arasyndaky jogap oýny 14-nji marta geçilýän gije bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir