Sport egin-eşikleri we aýakgap brendi Nike çykdajylary azaltmak boýunça üçýyllyk meýilnamasyny durmuşa geçirmegi dowam etdirýär. “The Wall Sreet Journal” neşiriniň habar bermegine görä, kompaniýanyň maksady 2 mlrd dollar tygşytlamakdan ybarat diýip, eadaily.com belleýär. Munuň üçin Nike işgärler ştatyny 2% azaldar. Gürrüň kompaniýanyň dürli bölümçelerinde işleýän 1600 adam barada gidýär. Nike-yň baş müdiri Jon Donahýunyň sözlerine görä, kompaniýa tygşytlanan serişdeleri geljegi uly ugurlary ösdürmäge, şol sanda zenan egin-eşikleriniň, ylgaw üçin aksessuarlaryň önümçiligine gönükdirer. Azaltma dükanlaryň we paýlama merkezleriniň işgärlerine, innowasiýalar toparynyň hünärmenlerine täsir etmezden, diňe ofis işgärleriniň arasynda bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir