15-nji fewralda Kiýew şäherindäki Magtymguly kitaphanasynda Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy dabaraly ýagdaýda kitaphananyň çäginde ýerleşýän Magtymguly muzeýine Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan iberilen türkmen milli medeni-mirasynyň gymmatlyklaryny we dürli dillerdäki kitaplaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi. Kabul ediji tarap ýubileý ýylynda aýratyn ähmiýete eýe bolan we türkmen nusgawy şahyrynyň mirasyny has giňişleýin öwrenmäge we ýaýratmaga niýetlenen bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklar üçin minnetdarlyk bildirdiler. Indi Magtymguly muzeýinde halk senetçiliginiň önümlerini, nepis dokalan haly önümlerini, zenanlaryň milli şaý-seplerini, türkmen milli egin-eşiklerini we baş gaplaryny, milli saz gurallaryny, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň heýkelini, kanwada dokalan we zehinli türkmen suratkeşleriniň çeken suratlaryny görüp bolar. Kitaphananyň kitap gaznasy we muzeý türkmen edebiýaty, hususan-da Serdar Berdimuhamedowyň we Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary hem-de ýurdumyzyň taryhy, medeniýeti, binagärligi we türkmen halkynyň görnükli şahyry Magtymguly Pyragy we onuň bahasyna ýetip bolmajak şahyrana mirasy baradaky neşirler bilen dolduryldy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleriň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir