Türkiýe ABŞ-dan we Beýik Britaniýadan soň, teleseriallaryň eksportynda üçünji orunda durup, dünýä telewideniýede öňdebaryjylaryň birine öwrüldi. Parrot Analytics analitik kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2020-nji we 2023-nji ýyllar aralygynda türk teleseriallaryna ählumumy isleg, Koreýa doramalaryna bolan 73% isleg bilen deňeşdirilende, 184%, ýokarlandy diýip, The Economist neşiri ýazýar. "Muhteşem Yüzyıl" ("Ajaýyp asyr") we "Yargi" ("Adalat") ýaly türk teleseriallarynyň üstünlik gazanmagynyň syry olaryň gyzykly sýužetinde, owadan aktýorlarynda hem-de romantikanyň, ar alşyň we dramanyň özara sazlaşygyndadyr Türk teleşüweleňleriniň eksporty 2022-nji ýylda 600 million dollar bolandyr diýlip çaklanylýar, seljerijiler indi olaryň satuwlarynyň milliardlarça dollara ýetjekdigini çaklaýarlar. Bu teleşüweleňleriň meşhurlygy Ýakyn Gündogar bilen çäklenmeýär, olar Latyn Amerikasynda, iňlis dilli tomaşaçylaryň arasynda we Ýewropada hem üstünlik gazandy. 2023-nji ýylda täze türk teleseriallaryny iň uly import edijileriň üçlügine Ispaniýa, Saud Arabystany we Müsür girdi. Glance telewideniýany seljeriş kompaniýasynyň habar bermegine görä, 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda Ispaniýada iň meşhur üç ssenariýa türkleriňki boldy. Ispanlar we latyn amerikalylar telenowella tomaşa etmegi adat edinipdirler, şonuň üçin hem türk programmalarynyň aşa duýguçyllygy we uzaklygy olary biynjalyk edenok. Arap tomaşaçylary musulmanlary gahryman hökmünde görkezýändikleri üçin türk teleseriallaryna ýokary baha berýärler diýip, neşir belleýär. Türkleriň çykaran seriallary abraýly halkara baýraklara eýe bolýandyklary bilen hem tanalýar. Şeýlelik bilen, 2023-nji ýylda biri-birine aşyk bolan bäsdeş aklawçylar barada hekaýat edýän "Yargi" serialy iň gowy telenowela hökmünde halkara “Emmi” baýragyny aldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir