Volkswagen kompaniýasy sekizinji nesliň täzelenen Golf modeliniň satuwyna başlady we modeliň 50 ýyllygy mynasybetli ýörite wersiýasyny hödürledi. Bu barada nemes awtoöndürijisiniň metbugat gullugyna salgylanyp, gazeta.ru habar berýär. Germaniýada Golf hetçbeginiň bahasy 27,2 müň ýewrodan başlanýar, uniwersal Variant alyja 28,3 müň ýewro düşer. Golf Edition 50 ýubileý wersiýasy asyl nusgadaky 18 dýuýmlyk diskler, garaldyjy örtgüler bilen örtülen yzky aýnalar, radiator gözeneginiň yşyklandyrylmasy, potologyň gara örtügi, pedal nakladkalary we ýörite wersiýa degişlidigini aňladýan “50” ýazgyly logotipler bilen tapawutlanýar. Täzelenen Golf 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda hödürlendi. Ol öňki modelden üýtgedilen faralar, öňdäki bamper, şeýle-de brendiň logotipiniň yşyklanmasy bilen tapawutlanýar. Salonda öňdäki panelde 10,4 – 12,9 dýuým ölçegli täze displeý oturdyldy. Şeýle-de, ChatGPT-li meidaulgam peýda boldy. Ruldaky sensor düwmeler ýönekeý düwmeler bilen çalşyryldy. Täzelenen Golf-y alyjylara dürli görnüşli dokuz hereketlendiriji elýeterlidir: gibrid, benzin we dizel turbomotorlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir